Belarusda ýurt boýunça uly demonstrasiýalary tutaşdyran duýdansyz kasam kabul ediş dabarasyndan soň, Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat başlygy Bileleşigiň pozisiýasyny gaýtalap, onuň Alýaksandr Lukaşenkany Belarus prezidenti hökmünde ykrar etmekden ýüz öwürýändigini aýtdy.
9-njy awgustdaky prezident saýlawlary, olaryň galplaşdyrylandygy baradaky öňe sürmelere garamazdan, 1994-nji ýyldan bäri häkimiýet başynda oturan Lukaşenkany altynjy möhlete wezipä getireli bäri, Belarus protestler bilen sarsylýar. Saýlawlardan soňky ýowuz basyp ýatyrmalarda müňlerçe adam tussag edildi, ýüzlerçe adam polisiýa tarapyndan urlup, ýenjildi we oppozisiýa liderleri ýa tussag edildi ýa-da ýurtdan gaçmaga mejbur edildi.
Sesleriň 80 prosentini gazanandygyny öňe sürýän Lukaşenka, görnüşinden, az sanly saýlantgy belarus resmileriniň öňünde prezidentlik wezipesine kasam kabul edýän mahaly, 23-nji sentýabrda polisiýa güýje girişdi we merkezi köçeleri petikledi.
“Bu ‘inagurasiýa’ saýlawlardan bäri geçirilýän köp sanly, ozal görlüp-eşidilmedik we parahatçylykly protestlerde beýan edilişi ýaly, Belarus ilatynyň uly böleginiň erk-eradasyna gönünden-göni çapraz gelýär hem-de Belarusda syýasy krizisiň mundan-da beýläk diňe çuňlaşmagyna getirýär” diýip, Josep Borrell 24-nji sentýabrda beren beýanatynda aýtdy we Brýusseliň Minsk bilen gatnaşyklaryny gözden geçirýändigini aýtdy.
Meniň pikirimçe, bir haltasy 1000 manat diýjek bolupdyrlar öýdýän. Soňam siziň belligiňizden utanyp, çekinip, düzetmändirler ýa-da düzetmegi özlerine kiçilik bilen bolara çemeli. Türkmen hökümedi ýaly, bular hem tankyda bolanoklar ahyry. Bellik edip ýazan düzedişiň bir hepde geçensoňlar goýýarlar. Hamala, söz azatlygy, tankydy kabul edýän kişi bolup. Bir hepdeden bolsa makala arhiwe geçip gidýär.