Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Nobeliň pul baýragy köpeldildi, ýeňijiler öňküsinden 110,000 dollar has köp pul alar


Nobel baýragynyň suraty.

Nobel gaznasy Nobel baýragynyň ýeňijilerine gowşurylýan pul sylagynyň öňküsinden 1 million şwed kronor (110,000 dollar) artdyrylandygyny habar berdi.

Bu ýyl pul baýragy 10 million kronora (1,11 million dollara) çykarylar, diýip Nobel gaznasynyň başlygy Lars Heikensten 24-nji sentýabrda “Dagens Industri” neşirine aýtdy.

“Bu karar biziň çykdajylarymyzyň we kapitalymyzyň öňküleri bilen deňeşdirilende has başgaça durnukly gatnaşykda bolmagy sebäpli alyndy” diýip, Heikensten aýtdy.

1901-nji ýyldan bäri gowşurylýan baýragy mäliýeleşdirmek üçin, Gaznanyň maglumatyna görä, dinamitiň oýlap tapyjysy Alfred Nobel şol wagtky pul bilen 31 million kronor (häzirki puldan 1,8 milliard kronor töweregi) pul galdyrdy.

Bu ýyl medisina, fizika, himiýa, edebiýat, parahatçylyk we ykdysadyýet ugurlary boýunça Nobel baýragynyň ýeňijileri 5-nji oktýabrda başlajak hepdäniň dowamynda yglan ediler.

Nobel gaznasy Stokgolmda geçirilýän däp bolan baýrak gowşuryş dabarasynyň hem-de bankediň koronawirus pandemiýasy sebäpli bu ýyl ýatyrylandygyny mälim etdi.

Bu dabaralaryň ornuny telewizion çäreleri alar we ýeňijiler öz baýraklaryny öz ýurtlarynda kabul edip alarlar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG