Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Trampyň sözleri howsala döredensoň, Respublikanlar saýlawçylary häkimiýetiň parahatçylykly geçjegine ynandyrýar


Trump "saýlawyň dogruçyl bolmagyny üpjün etmek isleýändigini, ýöne beýle bolup biljekdigine ynanmaýandygyny” aýtdy.
Trump "saýlawyň dogruçyl bolmagyny üpjün etmek isleýändigini, ýöne beýle bolup biljekdigine ynanmaýandygyny” aýtdy.

Ýokary derejeli respublikanlar 24-nji sentýabrda prezident Donald Trampyň 3-nji noýabrda geçiriljek saýlawdan soň häkimiýetiň parahatçylykly geçişini kabul etmekden ýüz öwürmegine çakgan we berk garşylyk görkezdiler we amerikanlary kanun çykaryjylaryň netijäni kabul etjekdiklerine ynandyrdylar.

Tramp 23-nji sentýabrda geçirilen metbugat ýygnagynda aýdan sözlerinde saýlawda ýeňilse, häkimiýeti parahatçylykly geçirmekden ýüz öwürmek bilen, iki partiýanyň wekilleriniň arasynda hem tolgunyşyk döretdi.

Respublikan senatorlaryň birnäçesi saýlawçylary, ABŞ-nyň konstitusiýasynda göz öňünde tutulyşy ýaly, häkimiýetiň parahatçylykly geçiriljekdigine ynandyrýan beýanatlary etdi, demokratlar bolsa Trampyň halkyň sesini äsgermezlik edip bilmejekdigini aýtdylar.

"3-nji noýabrda geçirilen saýlawyň ýeňijisi 20-nji ýanwarda kasam kabul eder. 1792-nji ýyldan bäri her dört ýyldan bolşy ýaly, tertip-düzgünli geçiş bolar" diýip, ABŞ Senatyndaky köpçüliginiň lideri Mitç Makkonnell (Respublikan-Kentukki) öz twitinde ýazdy.

Tramp 24-nji sentýabrda saýlawlar diňe onuň özi ýeňiş gazanan halatynda kanuny bolarmy diýip soralanda, žurnalistlere "Göreris" diýip jogap berdi.

Trump "saýlawyň dogruçyl bolmagyny üpjün etmek isleýändigini, ýöne beýle bolup biljekdigine ynanmaýandygyny” aýtdy.

Tramp koronawirus pandemiýasy wagtynda köp adamly saýlaw uçastoklaryndan gaça durmak üçin guraljak poçta ses berişliginiň ulanylmagyndan nägilelik bildirdi. Ol poçta bilen iberilen býulletenleriň galplyklara sezewar bolup biljekdigini öňe sürýär.

XS
SM
MD
LG