Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Seul: Demirgazyk Koreýanyň Kimi adam ölümi üçin ötünç soraýar


Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Un iki ýurduň jedelli deňiz serhediniň golaýynda öldürilen günorta koreýaly resminiň ölümi sebäpli ötünç sorady.
Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Un iki ýurduň jedelli deňiz serhediniň golaýynda öldürilen günorta koreýaly resminiň ölümi sebäpli ötünç sorady.

Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Un 25-nji sentýabrda iki ýurduň jedelli deňiz serhediniň golaýynda öldürilen günorta koreýaly resminiň ölümi sebäpli ötünç sorady diýip, Günorta Koreýanyň resmileri aýtdy.

Günorta Koreýa 24-nji sentýabrda Demirgazygy özüniň, görnüşinden, gaçmaga synanyşan döwlet gullukçylarynyň birini atyp öldürmekde we şu hepdäniň başynda Demirgazyk Koreýanyň suwlarynda gaýygy tapylanyndan soň, onuň jesedini ýakmaga synanyşmakda aýyplady.

Seul Phenýany bu "wagşyçylykly hereket" üçin berk ýazgardy we günäkärleriň jezalandyrylmagyny talap etdi.

"Döwlet işleri komissiýasynyň başlygy, ýoldaş Kim Çen Un prezident Mun Jae-ine we Günorta Koreýanyň raýatlaryna bu garaşylmadyk we betbagtçylykly hadysa üçin çuňňur gynanjyny we uly lapykeçliligi bildirdi diýip, Munyň geňeşçisi Suh Hun Demirgazyk Koreýanyň habaryna salgylanyp aýtdy.

Günorta Koreýanyň Goranmak ministrligi biraz öň ýurduň Okean we balykçylyk ministrliginiň işgäri, 47 ýaşly adamyň Demirgazyk-Günorta Koreýa deňiz serhedinden takmynan 10 km günortada ,gözleg syýahaty mahalynda gämiden ýitirim bolandygyny aýtdy.

Günorta Koreýa, tolkunlaryň ol adamy Demirgazyk Koreýanyň suwlaryna geçirmeginden howatyrlanyp, gämi we uçar ulanyp gözledi.

Günorta Koreýanyň ýokary derejeli harby işgäri Ahn Hoň Ho kanun çykaryjylara Demirgazyk Koreýanyň resmi serhetlerine bikanun ýakynlaşan bir adamy, koronawirusa garşy girizilen berk düzgünlere laýyklykda, “anyklaşdyrmazdan atyp” öldürendigini aýtdy.

Günorta Koreýanyň “Yonhap” habar gullugy çeşmelere salgylanyp, Demirgazyk Koreýanyň bu adamyň jesedini tapandygyny we koronawirusyň ýaýramak ähtimallygynyň öňüni almak üçin görülýän çäreleriň çäginde ýakandygyny habar berdi.

XS
SM
MD
LG