Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Saklanmak barada halkara çagyryşlaryna garamazdan, jedelli Daglyk-Garabagyň üstündäki söweşler dowam edýär


Ermenistan we Azerbaýjan biri-birini agyr artilleriýa ulanmakda aýyplaýar. Bu waka ölüm howply duşmançylygy bes etmek barada halkara derejesinde çagyryşlar edilýärkä, jedelli Daglyk-Garabag regionynyň üstündäki söweşler tapgyr üçünji gün, 29-njy sentýabrda dowam edýän mahalyna gabat geldi.

29-njy sentýabrda Kawkaz sebitindäki iki döwletiň harby güýçleriniň arasyndaky soňky dartgynlylykda onlarça adamyň ölendigi habar berildi. Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi ermeni harbylarynyň Azerbaýjanyň Daşkesan sebitine hüjüm edendigini aýtdy, bu aýyplama Ýerewan tarapyndan "düýbünden ýalan" diýlip, ret edildi.

Daglyk-Garabagdaky çaknyşyklar sebitde 2016-njy ýyldan bäri görlen iň agyr söweş bolup, bu dünýä bazarlaryna nebit we gaz daşaýan gazgeçirijileriň koridory hasaplanýan Günorta Kawkaz sebitindäki durnuklylyk baradaky aladany gaýtadan güýçlendirdi.

“28-29-njy sentýabr gijesi tutuş front liniýasynda güýçli söweşler dowam etdi” diýlip, Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginiň beýanatynda ermeni we azerbaýjan güýçlerini bölýän Aragatnaşyk çyzygy diýilýäne salgylanyp aýdylýar.

Ermeni Goranmak ministrligi hem, "dürli depgindäki söweşleriň dowam edýändigini" mälim etdi.

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň söweşleri ara alyp maslahatlaşmak üçin 29-njy sentýabrda adatdan daşary gyssagly gepleşikleri geçirmegine garaşylýar.

XS
SM
MD
LG