Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwada koronawirus bilen keselleýänleriň sanynyň köpelmegi netijesinde oktýabr dynç alşynyň wagty uzaldyldy


Moskwada adamlardan dükanlarda we jemgyýetçilik transportlarynda maska geýmek talap edilýär. Şeýle-de, iri kompaniýalaryň işgärlerine öýden işlemek maslahat berilýär.
Moskwada adamlardan dükanlarda we jemgyýetçilik transportlarynda maska geýmek talap edilýär. Şeýle-de, iri kompaniýalaryň işgärlerine öýden işlemek maslahat berilýär.

Moskwanyň häkimi Sergeý Sobýanin koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almaga kömek etmek maksady bilen geljek aý Russiýanyň paýtagtynda meýilleşdirilýän mekdep dynç alşynyň ýene bir hepde uzaldyljakdygyny aýdýar.

Sobýanin 29-njy sentýabrda ýaýradan maglumatynda okuwçylaryň 5-18-nji oktýabr aralygynda iki hepde okuwdan boşadyljakdygyny aýtdy we ene-atalary şol döwürde çagalarynyň öýde galmagyny üpjün etmäge çagyrdy.

Adatça Russiýada bu dynç alyş diňe bir hepde dowam edýär.

“Häzirki wagtda wirusa ýoluganlaryň we köplenç asimptomatik dälleriň ep-esli bölegi çagalardyr. Olar öýlerine gelenlerinde wirusy aňsatlyk bilen has köp hassalyk çekýän maşgala agzalaryna we ululara ýokuşdyrýarlar” diýip, häkim öz websaýtynda çap eden maglumatynda aýtdy.

Russiýada tassyklanan koronawirus näsaglarynyň sany 1 million 167 müň 800 adamdan gowrak bolup, ýurt wirus ýokuşanlaryň sany boýunça dünýäde dördünji orunda durýar.

29-njy sentýabrda rus häkimiýetleri Moskwada soňky bir günüň dowamynda 2300 täze COVID-19 hadysasynyň hasaba alnandygyny habar berdiler. Bu san 31-nji maýdan bäri iň ýokary görkezijidir.

Geçen hepde Moskwanyň häkimiýetleri dowamly saglyk problemalary bolan ýa-da 65 ýaşdan uly adamlara öýde galmagy maslahat berdiler.

Moskwada adamlardan dükanlarda we jemgyýetçilik transportlarynda maska geýmek talap edilýär. Şeýle-de, iri kompaniýalaryň işgärlerine öýden işlemek maslahat berilýär.

XS
SM
MD
LG