Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarus ýolbaşçylaryna basyş artýar, Kanada we Angliýa sanksiýa yglan edýär


Angliýanyň daşary işler ministri Dominik Raab
Angliýanyň daşary işler ministri Dominik Raab

Belarusda geçen aý bolan jedelli prezident saýlawlary we onuň yz ýany polisiýanyň oppozisiýa agzalaryny, habar serişdelerini we protestçileri basyp ýatyrmagy boýunça halkara basyş dowam edýän wagty, Kanada we Angliýa Belarusyň birnäçe ýokary wezipeli resmisine, şol sanda awtoritar lider Alýaksandr Lukaşenka garşy sanksiýa yglan etdi.

Iki ýurt Lukaşenkanyň “zorlukly hem-de galp režimine”, “göz edip” 29-njy sentýabrda bilelikde sanksiýa yglan etdi. Sanksiýalar syýahat gadagançylygyny hem-de aktiwleriň doňdurylmagyny hem öz içine alýar.

“Biz belarus halkyna garşy işlenen garakçylykdan jogapkär adamlary hasaba çekeris hem-de demokratiýanyň we adam hukuklarynyň gymmatlyklaryny gorap saklarys” diýip, britan daşary işler ministri Dominik Raab aýtdy.

“2020-nji ýylyň awgustynda bolan galp prezident saýlawlaryndan bäri, Belarusyň hökümeti köpçülik protestlerine we oppozisiýa toparlarynyň hereketlerine garşy döwlet howandarlygynda zorluk hem-de sistematik görnüşdäki repressiýa kampaniýalaryny alyp bardy” diýip, Kanadanyň daşary işler ministri beýanatyň üstüni ýetirdi.

Sanksiýa girizilenler şulardyr: Lukaşenka, onuň ogly Wiktar, prezident diwanynyň başlygy Ihar Sýarheýenka, içeri işler ministri Ýuriý Karaýeu, içeri işler ministriniň orunbasary Alýaksandr Barsukou we Ýuriý Nazaranka, içerki goşunlaryň komandiriniň orunbasary Hazalbek Atabekow, Minksiň jemgyýetçilik tertibini goramak boýunça polisiýa edarasynyň başlygy Dzimitri Balaba.

XS
SM
MD
LG