Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarus resmileri Tut.By garaşsyz habar portalyny gadagan etdi


Tut.By belarus protestleri barada habar bermekde öňdebaryjylaryň hataryndady
Tut.By belarus protestleri barada habar bermekde öňdebaryjylaryň hataryndady

Belarusyň garaşsyz Tut.by habar saýty häkimiýetleriň üç aý möhlet bilen saýty gadagan edendigini aýtdy. Bu ýurtdaky syýasy krizis barada habar berýän döwlete degişli däl habar serişdeleriniň resmiler tarapyndan nobatdaky gezek basylyp ýatyrylmagydyr.

Tut.by 29-njy sentýabrda öz web-saýtynda çap eden makalasynda, 1-nji oktýabrdan başlap, azyndan üç aýa çenli saýtyň hasaba alnan media guramasy hukugyny ýitirýändigini aýtdy.

Belarus häkimiýetleri gadagançylygy dessine tassyklamady. Tut.By özüniň dört aýrybaşga duýduryş kabul edendigini, ýöne buýruga garamazdan, habar çap etmäge dowam etjekdigini aýtdy.

Bu ädim Tut.by saýtynyň suratçylaryna we habarçylaryna jerime salynmak we tussag edilmek howpuny abandyrýar.

Belarus 9-njy awgustda häkimiýetler Alýaksandr Lukaşenkany saýlawlaryň ýeňijisi diýip, yglan edeli bäri syýasy krizise sezewar bolýar. Oppozisiýaçylar saýlawyň galplaşdyrylandygyny aýdýarlar we belaruslar her gün diýen ýaly täze saýlawa çagyryş edip, köpçülikleýin protest geçirýärler.

XS
SM
MD
LG