Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjan obalary aldym diýýär; Ermenistan hüjümi görlüp-eşidilmedik atlandyrýar


Top atyşlykdan soň.
Top atyşlykdan soň.

Azerbaýjan goşunlary Dagly-Garabag üstünde barýan söweşde birnäçe obany ele geçirdi diýip, prezident Ylham Alyýew 3-nji oktýabrda, dawaly sebitde etniki ermeni güýçleri bilen bolan ýene bir çaknyşykly günden soň aýtdy.

Alyýew Terter, Jabrail we Fuzuli etraplaryndaky ýedi obanyň “azat edilendigini” aýtdy we ýene bir alnan obanyň, Madagiziň taryhy adyny dikeltjekdigini yglan etdi diýip, Azatlyk radiosynyň Azerbaýjan gullugy habar berýär.

Ermeni tarapynyň Goranmak ministrliginiň metbugat sekretary Artsrun Howhannisian obalaryň yzyna alnandygyny tassyklamady, diňe agyr söweşleriň bolandygyny aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň Ermeni gullugynyň habaryna görä, Howhannisian "Arasy kesilmedik söweşiň dowamlylygynyň alty-ýedi sagada uzandygyny" aýtdy.

"Bu gaty agyr we kyn söweşler boldy, bularyň hemmesiniň biziň goşunlarymyza aňsat düşmeýändigi belli” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Howhannisian ermeni güýçleriniň pilotsyz uçarlary urandygyny we bronly ulaglary ýok edendigini aýtdy.

Şeýle-de ol duşmanyň 3-nji oktýabrda ýüzlerçe söweşijisini "ýitirendigini" aýtdy, ýöne bu aýdylýanlar garaşsyz ýagdaýda tassyklanyp bilinmedi.

Çaknyşygyň iki tarapy hem, deňeçer maglumat söweşiniň bir bölegi hökmünde, garşydaşyna ýetiren zyýanyny yzygiderli ulaldýar.

Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan 3-nji oktýabrda eden çykyşynda hüjümiň geriminiň görlüp-eşidilmedik derejede bolandygyny aýtdy. Şeýle-de Paşinýan "Biz ö müňýyllyk taryhymyzda iň aýgytly pursady başdan geçirýäris" diýdi.

XS
SM
MD
LG