Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanyň prezidenti täze hökümet tassyklanandan soň işden çekilmäge taýýardygyny aýdýar


Sooronbaý Jeenbekow

Gyrgyzystanyň prezidenti Sooronbaý Jeenbekow 9-njy oktýabrda Merkezi Aziýa ýurdundaky häkimiýet boşlugyny soňlamak üçin, täze premýer-ministr bellenenden soň işinden aýrylmaga taýýardygyny aýtdy.

Ol öz web sahypasynda çap eden beýanatynda "kanuny ýerine ýetiriji häkimiýetler tassyklanandan we Gyrgyzystan “kanunçylyk ýodasyna dolanyp gelenden” soň, özüniň “Gyrgyz Respublikasynyň prezidenti wezipesinden gitmäge taýýardygyny” aýtdy.

Bu beýanat 4-nji oktýabrda geçirilen dawaly parlament saýlawynda ýeňlendigi aýdylan partiýalaryň ýolbaşçylygyndaky gazaply protestlerden soň, syýasy liderler bilen geçirilen gepleşikler arasynda çap edildi.

Bu teklip häkimiýetiň geçirilmegini ýeňilleşdirmäge kömek ederli görünse-de, onuň şertlerini ýerine ýetirip boljakdygy belli däldi.

Gyrgyzystan hökümete tarapdar partiýalara ýeňiş getiren saýlawlarda ses satyn almak we beýleki bidüzgünçilikler baradaky aýyplamalar sebäpli tolgunyşyklara sezewar boldy.

5-nji oktýabrda müňlerçe demonstrant köçelere döküldi we ertesi gün oppozisiýa tarapdarlary hökümet binalaryny basyp aldylar. Birnäçe syýasy güýç 9-njy oktýabrda täze demonstrasiýalary meýilleşdirdi. Oppozisiýa toparlary şu wagta çenli Ministrler kabinetini we saýlaw toparyny saýlawyň netijelerini ýatyrmaga mejbur etdiler, ýöne wagtlaýyn hökümete kimiň ýolbaşçylyk etjekdigi barada ylalaşyp bilmediler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG