Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Dagly-Garabag söweşini duruzmak üçin diplomatik tagallalary güýçlendirýär


Dagly-Garabag görnüşi
Dagly-Garabag görnüşi

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin, iki tarapyň tussaglary we ölenleriň jesetlerini alyş-çalyş etmekleri üçin, Ermenistan bilen Azerbaýjanyň Dagly-Garabagdaky konflikt zonasyndaky duşmançylyklaryna arakesme berilmegine çagyrdy.

Putin Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew we Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan bilen geçiren birnäçe telefon söhbetdeşliginden soň, söweşe biraz böwşeňlik salmak mümkinçiligini öňe sürdi diýip, Kremliň metbugat gullugy 8-nji oktýabrda çap eden beýanatynda aýtdy.

Şeýle-de Putin Azerbaýjanyň we Ermenistanyň daşary işler ministrlerini 9-njy oktýabrda Moskwa çagyrdy. Olar Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň araçylyk etmeginde, emele gelen ýagdaý barada maslahat ederler.

ABŞ, rus we fransuz resmileri Ženewada söweşleri togtatmak we Günorta Kawkazda has uly uruş-dawanyň turmagynyň öňüni almak üçin gepleşik geçirýärler.

Azerbaýjanyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramow 8-nji oktýabrda geçiriljek sessiýa gatnaşmalydy, ýöne duşuşygyň netijeleri barada hiç hili maglumat ýok.

“Roýters” habar gullugynyň maglumatyna görä, Ermenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda gönümel duşuşyklar planlaşdyrylmady.

XS
SM
MD
LG