Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanyň basyş astyndaky prezidenti, bidüzgünçilikler wagtynda Bişkekde adatdan daşary ýagdaý girizmegi hödürledi


Gyrgyzystanyň prezidenti Sooronbaý Jeenbekow
Gyrgyzystanyň prezidenti Sooronbaý Jeenbekow

Gyrgyzystanyň prezidenti Sooronbaý Jeenbekow geçen hepde müňlerçe adam köçelere dökülip, jedelli parlament saýlawlary sebäpli bulam-bujarlyk döränsoň, paýtagt Bişkekde adatdan daşary ýagdaýyň täzeden dikeldilmegi baradaky karara gol çekdi.

Jeenbekowyň metbugat gullugy 12-nji oktýabrda adatdan daşary ýagdaýyň 4-nji oktýabrda geçirilen saýlawlaryň resmi netijelerine garşy geçirilen demonstrasiýalar sebäpli "zorluga we adamlaryň saglygyna howp salýan we köpçülikleýin bidüzgünçiliklerden soň dartgynly durmuş ýagdaýy" bilen baglylykda zerurdygyny aýtdy.

Karara laýyklykda, adatdan daşary ýagdaý 12-nji oktýabrda sagat 8: 00-da başlanyp, 19-njy oktýabrda sagat 7: 00-a çenli dowam eder.

Içeri işler ministriniň orunbasary Almazbek Orozaliýew adatdan daşary ýagdaý wagtynda şäherdäki hukuk we tertip-düzgüne jogapkär ýolbaşçy bellendi.

Gyrgyzystan demokratiýa elementlerine eýe bolan ýeke-täk Merkezi Aziýa ýurdudyr, emma garyplyk, korrupsiýa, tire garşydaşlyklary, demirgazyk we günorta sebitleriniň arasyndaky çuňňur bölünişikler sebäpli durnuksyzlyk bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

Gyrgyzystanda 4-nji oktýabrda geçirilen parlament saýlawlarynda ses satyn almak we häkimiýet başyndaky partiýalaryň peýdasyna mümkinçilik döretmek ýaly ýagdaýlara ýol berlendigi jemgyýetde gahar-gazaply nägilelikleri döretdi. Protestçiler Merkezi saýlaw komissiýasynyň netijeleri ýatyrmagyny talap etdiler.

Protestler Jeenbekowyň hökümetiniň baştutanyny we mejlisiň başlygyny wezipelerinden çekilmäge mejbur etdi.

XS
SM
MD
LG