Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanyň prezidenti Rahmon, sesleriň tas 91 göterimine eýe bolup, bäşinji möhlete saýlandy


Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon,
Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon,

Täjigistanyň awtoritar prezidenti Emomali Rahmon, deslapky resmi netijelere görä, berk gözegçilikde we dabaraly ýagdaýda geçirilen saýlawlardan soň, 91% çemesi ses alyp, bäşinji möhlete saýlandy.

Merkezi Aziýa döwletiniň Merkezi saýlaw komissiýasy 12-nji oktýabrda deslapky netijelere görä, saýlawçylaryň 90,92 göteriminiň ýene ýedi ýyl möhlete eýe boljak Rahmona ses berendigini aýtdy.

Merkezi saýlaw komissiýasynyň başlygy Bagtyýor Hudoýorzoda, 11-nji oktýabrda geçirilen saýlawlarda saýlawçylaryň 85,4 göteriminiň ses berendigini yglan etdi.

1992-nji ýyldan bäri häkimiýet başynda saklanýan Rahmon yzly-yzyna dört gezek geçirilen prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy, olaryň hiç biri-de günbatar gözegçileri tarapyndan erkin ýa-da adalatly hasap edilmedi. Ol häkimiýet başynda Belarusyň prezidenti Alýaksandr Lukaşenkadan has köp oturan ýeke-täk post-sowet awtokratydyr.

Saýlaw, COVID-19 pandemiýasynyň dowamynda Täjigistanyň ykdysady kynçylyklarynyň çuňlaşan wagtynda gabat geldi. Ýüzlerçe müň migrant işçi öýünde iş tapman kösenýär, Orsýete-de gidip bilmeýär. Bu ýagdaý ýerli ykdysadyýeti ösdürmek üçin zerur pul akymynyň öňüni alýar.

68 ýaşly Rahmon ýurduň mejlisindäki hökümete tarapdar partiýalara wekilçilik edýän dört sany kandidat bilen bäsleşdi.

XS
SM
MD
LG