Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tihanowskaýa Lukaşenkadan çekilmegi talap edýär, köpçülikleýin iş taşlaýyş bilen ýüzbe-ýüz boljakdygyny duýdurýar


Belarus oppozisiýa lideri Swetlana Tihanowskaýa
Belarus oppozisiýa lideri Swetlana Tihanowskaýa

Belarus oppozisiýa lideri Swetlana Tihanowskaýa Aleskandr Lukaşenkany 12 günüň içinde wezipesinden çekilmäge çagyrdy, bolmasa-da tutuş ýurt boýunça köpçülikleýin iş taşlaýyşyň geçiriljekdigini aýtdy.

“Eger-de biziň talaplarymyz berjaý edilmese, tutuş ýurt parahatçylykly ýagdaýda köçelere çykar” diýip, Tihanowskaýa 13-nji oktýabrda beýanat bilen çykyş etdi.

Mundan başga-da, Tihanowskaýa ähli syýasy tussaglary azat etmäge, şeýle-de Lukaşenkanyň 26 ýyllyk häkimiýetine garşy çykýan protestçileriň basylyp ýatyrylmagynyň bes edilmegine çagyrdy.

“26-njy oktýabrda ähli edaralarda köpçülikleýin iş taşlaýyş başlanar, ähli köçeler petiklener, döwlet dükanlarynda satuwlar dargar. Bu üç talaby berjaý etmek üçin, seniň 13 günüň bar. Bizde hem taýýarlyk görmäge 13 günümiz bar. Bu aralykda, belaruslar parahatçylykly we tutanýerli protestlerini dowam etdirerler” diýip, Tihanowskaýa Telegram kanalynda çap bolan beýanatynda belledi.

Belarusda 9-njy awgustdaky prezidentlik saýlawlarynda Aleksandr Lukaşenkanyň köp sanly galplyk aýyplamalarynyň arasynda altynjy möhlete saýlanandygy yglan edileninden soň, ýurtda köpçülikleýin protestler başlandy.

Tihanowkaýa öz tarapdarlary tarapyndan saýlawlaryň ýeňijisi hökmünde ykrar edilýär. Ol saýlawlaryň yzýany özüniň we maşgalasynyň janyna abanýan howp sebäpli, Litwa aşypdy.

XS
SM
MD
LG