Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Awstriýa Wenadaky ‘terror hüjüminden' soň gözleg operasiýasyna başlady


Awstriýanyň içeri işler ministri Karl Nehammer ilaty öýde galmaga çagyrdy. 
Awstriýanyň içeri işler ministri Karl Nehammer ilaty öýde galmaga çagyrdy. 

2-nji noýabrda ýaragly adamlar Wenanyň merkezindäki köp ýerde ot açyp, azyndan üç adamyň ölmegine we başga-da birnäçesiniň ýaralanmagyna sebäp bolandan soň, Awstriýada adam gözlemek operasiýasy dowam edýär. Awstriýanyň kansleri Sebastian Kurz bu wakany “elhenç terror hüjümi” atlandyrdy.

Içeri işler ministri Karl Nehammer 3-nji noýabrda irden habarçylara beren maglumatynda wakada ýaralanan iki erkegiň we bir aýalyň ölendigini aýtdy.

Awtomat tüpeňli we janyna kast edýäniň galp keltekçesini geýen şübheli hüjümçi hem polisiýa tarapyndan atylyp öldürildi.

Media serişdeleri parahat ilatdan dördünji raýatyň – bir aýalyň ölendigini habar berdi.

Hüjüme näçe hüjümçiniň gatnaşandygy entek belli däl, ýöne Nehammer resmileriň birden köp hüjümçiniň bardygyna ynanýandygyny aýtdy. Şeýle-de, ol goňşy ýurtlar kömek teklip eden mahaly, adam gözlemek işlerine 1000 howpsuzlyk işgäriniň gatnaşýandygyny aýtdy.

Nehammer başlangyç derňewleriň öldürilen şübheli adamyň "Yslam döwleti" toparyna duýgudaşlyk bildirýändigini görkezýändigini mälim etdi. Awstriýanyň içeri işler ministri ilaty öýde galmaga hem çagyrdy.

Atyşyk Awstriýa koronawirus petikleme çäresini gaýtadan güýje girizmezden birnäçe sagat öň, adamlar barlarda we restoranlarda dynç alýan mahaly, şäheriň merkezinde ýerleşýän birinji etrapçada başlandy.

XS
SM
MD
LG