Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gyrgyzystanyň wagtlaýyn prezidenti reformalary amala aşyrmak üçin Konstitusiýa Geňeşiniň dörediljekdigini aýtdy


Gyrgyzystanyň wagtlaýyn prezidenti Sadyr Japarow

Gyrgyzystanyň wagtlaýyn prezidenti Sadyr Japarow ýurtda prezidentiň ygtyýarlyklaryny güýçlendirjek konstitusion reformalary amala aşyrmak üçin Konstitusiýa Geňeşiniň dörediljekdigini aýdýar.

3-nji noýabrda ýurduň günortasyndaky Oş sebitiniň ýaşaýjylary bilen söhbetdeşlikde Japarow tankytçylaryň onuň häzirki parlament ulgamyndan häkimiýeti “ele geçirmäge” synanyşýandygy baradaky aýyplamalaryny ret etdi.

“Reformalar baradaky ähli teklipler halk bilen aç-açan ara alnyp maslahatlaşylar. Biz 10-15 günüň içinde teklipleri kesgitlemegi tamamlamaga we soňra olary döredilmeli Konstitusiýa Geňeşine bermäge garaşýarys... Gyzyklanýan raýatlaryň we hökümete degişli bolmadyk guramalaryň wekilleriniň ählisine Konstitusiýa Geňeşine girmäge rugsat berler we [geňeşiň] mejlisleri göni ýaýlymda telewideniýede görkeziler. Teklipler köpçüligiň pikir alyşmagy üçin hödürlener we olar barada gutarnykly karar referendum arkaly kabul ediler” diýip, Japarow aýtdy.

2017-nji ýylda syýasy garşydaşyny alyp gaçmakda aýyplanyp tussag edilen öňki milletçi kanunçykaryjy Japarow oktýabr aýynyň başynda geçirilen parlament saýlawlarynyň resmi netijeleri bilen ýüze çykan demonstrasiýalaryň arasynda türmeden boşadyldy.

Köpçülikleýin ýörişler hökümeti agdaryp, prezident Sooronbaý Jeenbekowyň wezipesinden çekilmegine getirdi.

Türmeden boşadylandan soň Japarow ýurduň parlamenti tarapyndan premýer-ministr wezipesine tassyklandy we Jeenbekow oktýabr aýynyň ortalarynda wezipesini boşadanda, prezidentiň ygtyýarlyklaryny öz üstüne aldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG