Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýeke-täk maksat Ak tam däl: Demokratlar we respublikanlar Kongrese gözegçilik üçin göreşýär


"Men ses berdim" diýen ýazgyly stiker.
"Men ses berdim" diýen ýazgyly stiker.

ABŞ saýlawçylary 3-nji noýabrda diňe Ak tama dalaşgäre ses bermeýär. Olar şeýle-de Senata we Wekiller öýüne kimiň gözegçilik etjekdigini saýlaýar.

4-nji noýabr irdene çenli Senatdaky her partiýa beýleki partiýadan bir orun aldy, bu bolsa demokratlaryň ýokarky palatanyň gözegçiligini respublikanlardan almak umytlaryny azaltdy.

ABŞ mediasy Koloradoda Denweriň öňki häkimi demokrat John Hickenlooperiň iş başyndaky respublikan senator Cory Gardneri ýeňendigini habar berdi.

Alabamada öňki futbol tälimçisi Tommy Tuberville demokrat senator Doug Jonesi ýeňip, Senatda respublikanlar üçin bir orun gapdy.

Kongresiň iki palatasyna-da gözegçilik ýa prezident Donald Tramp ýa-da onuň garşydaşy Jo Baýden wezipä girişende, olaryň öz gün tertiplerini durmuşa geçirmek mümkinçilikleri üçin örän möhümdir. Soňky iki ýylyň dowamynda Tramp bölünen Kongres bilen işleşmeli boldy.

2018-nji ýylyň aralyk saýlawlaryndan bäri demokratlar Wekiller öýünde köplük, respublikanlar bolsa 53-e 47 gatnaşyk bilen Senata gözegçilik edýär.

XS
SM
MD
LG