Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa ýaraşyga gözegçilik mehanizmlerine çagyrýan mahaly, Daglyk-Garabagda täze söweşler barýar


Bölünip aýrylan Daglyk-Garabag sebitiniň Stepanakert şäherinde Azerbaýjanyň hüjüminden soň, ýangyn söndürijiler ot alan awtoulagy söndürýär. 3-nji noýabr, 2020 ý.

Azerbaýjan we etniki ermeni tarapy bölünip aýrylan Azerbaýjan territoriýasy – Daglyk-Garabagyň içinde we töwereginde 4-nji noýabrda irden söweşleriň dowam edýändigini habar berdi. Her tarap front çyzygynyň ugrunda özüniň rüstemdigini öňe sürýär.

Regional güýçleriň şol sanda Russiýanyň onlarça ýyllyk konfliktde alty hepde bäri dowam edýän söweşleri togtatmagyň ugurlaryny gözden geçrýändigi aýdylýar. Söweşler müňlerçe adamyň, şol sanda asuda raýatlarynyň ölümine getirendir öýdülýär.

Ermeni tarapy 4-nji noýabrda irden sebit paýtagty Stepanakertiň golaýyndaky strategik Suşe şäherçesine Azerbaýjanyň gönükdiren hüjümini yza serpikdirendigini öňe sürdi.

Ýöne Azerbaýjan resmileri bu maglumaty tassyklamady. Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi Daglyk-Garabagyň töweregindäki birnäçe şäherçede we etrapda, şol sanda Tartarda, Agdamda we Martunide dürli intensiwlikde söweşleriň barýandygyny aýtdy.

3-nji noýabrda Ermenistanyň Daşary işler ministrligi Azerbaýjan güýçlerini saglyk desgalaryny we beýleki raýat desgalaryny nyşana almakda aýyplady. Azerbaýjan tarapy özüniň asuda ilaty ýörite nyşana alýandygy barada aýdylan aýyplamalary ret etdi.

Russiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Andreý Rudenko 4-nji noýabrda Moskwanyň söweşleri soňlandyrmak barada Tähranyň beren teklibine "üns bilen" seredýändigini aýtdy.

Şondan bir gün ozal, Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow durnukly ýaraşyk üçin netijeli kontrol mehanizmleri boýunça ylalaşmagyň zerurdygyny aýtdy. Lawrow şeýle mehanizmleriň dürli elektron enjamlarynyň ulanylmagyny, Ýerewan bilen Bakuwyň arasyndaky gyzgyn liniýany, ÝHHG-nyň howandarlygyndaky synçylary we harby kontingentiň gatnaşmagyndaky operasiýalary öz içine alyp biljekdigini aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG