Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wenadaky ganly ‘terror hüjüminden’ soň tussag etmeler boldy, awstriýaly makedon güman edilýänler anyklandy


Wenada 2-nji noýabrda bolan ganly hüjümden soň Awstirýa adam gözlemek işlerine 1000 howpsuzlyk işgärini gatnaşdyrdy.

Awstriýa häkimiýetleri Wenada dört adamy öldüren hem-de kansler Sebastian Kurzyň “elhenç terror hüjümi” häsiýetlendiren hüjümi bilen baglanyşykly 14 adamy tussag etdi.

2-nji noýabr agşamy ýaragly adamlar şäher merkeziniň alty ýerinde ot açandan soň, güman edilýänler gözlenýän wagty, 3-nji noýabrda polisiýa adamlary içerde galmaga çagyrdy.

Wakada iki erkek we iki aýal öldi ýene 22 adam ýaralandy. Polisiýa ozal hem terrorçylykdan höküm çykarylan, 20 ýaşly, Awstriýanyň hem-de Demirgazyk Makedoniýanyň goşa raýaty hökmünde anyklanan güman edilýäni atyp öldürdi.

Beýleki iki güman edilýäniň hem gelip çykyşy boýunça makedoniýalydygy aýdylýar. “Yslam döwleti” (YD) topary özüniň “Amak” habar agentliginiň üsti bilen hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy, ýöne subutnama hödürlemedi.

Hüjümçi Awstirýada doglan, gelip çykyşy boýunça Demirgazyk Makedoniýaly Kujtim Fejzulai diýlip atlandyryldy. Ol “Yslam döwleti” ekstremist toparyna goşuljak bolup, Siriýa sapar etmäge synanyşany üçin geçen ýylyň aprel aýynda 22 aý türme tussaglygyna höküm edildi. Ol dekabr aýynda wagtyndan öň boşadyldy.

Ol “adalat ulgamynyň radikalsyzlaşdyrmak programmasyny aldamagy, onuň içindäki adamlary aldamagy, şeýdip hem möhletinden öň boşamagy başarypdyr” diýip, içeri işler ministri Karl Nehammet aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG