Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gyrgyz parlamentiniň spikeri prezidentlik wezipesine umyt bildirýänleriň hataryna goşulmak üçin işden çekilýär


Gyrgyz mejlisiniň başlygy Kanatbek Isaýew

Gyrgyz parlamentiniň ýaňy-ýakynda wezipä saýlanan spikeri 4-nji noýabrda özüniň wezipeden çekilýändigini aýtdy. Ol ýurtda ýanwar aýynda geçiriljek irki prezident saýlawlaryna gatnaşmagy planlaşdyrýandygyny mälim etdi we, munuň bilen, Merkezi Aziýanyň iň dartgynly syýasy sahnalarynyň biri boýunça has köp bulaşyklyk döretdi.

Häzirki wagtda prezidentiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Sadyr Japarow prezidentlik bäsleşigine gatnaşmak üçin dekabrda işden aýrylan halatynda, mejlisiň başlygy Kanatbek Isaýewiň prezidentiň ygtyýarlyklaryny wagtlaýyn öz üstüne almagyna garaşylýardy.

Täze prezidentlik saýlawlaryny 10-njy ýanwarda geçirmek meýilleşdirildi. Beýleki tarapdan, oktýabr aýynda ýurtda ýolbaşçylaryň duýdansyz çalyşmagyna alyp gelen köpçülik protestlerinden bäri ýüze çykan dawalar sebäpli täze parlament saýlawlarynyň senesi heniz kesgitlenilmedi.

Isaýew parlamentdäki “Respublika Ata Žurt” (Respublika – Watan) fraksiýasynyň agzalary ony prezidentlige hödürleýändigini mälim edenden soň, özüniň wezipeden çekilmek kararyna gelendigini aýtdy.

Onuň beýanatyndan soň, kanun çykaryjylar Talant Mamytowy mejlisiň başlygy wezipesine saýlady.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG