Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dünýäde koronawirus ýokaşanlaryň sany 50 milliondan geçdi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Koronawirus epidemiýasy başlaly bäri dünýäde koronawirus ýokaşan adamlaryň sany 50 milliondan gowrak boldy. Şeýle maglumatlary Amerikan Jons Hopkins uniwersiteti getirýär.

Olaryň takmynan 10 milliony ABŞ-da, 8,5 milliona golaýy Hindistanda hasaba alyndy. Orsýet we Fransiýa 4-nji we 5-nji ýerde durýar. Bu u ýurtlaryň hersinde epidemiýa başlaly bäri takmynan 1 million 750 müň adama koronawirus ýokaşdy.

Dünýäde koronawirus ýokançlygyndan ölenleriň sany 1 million 250 müňden geçdi, ýagny häzirki wagtda kesellänleriň arasynda ortaça ölüm derejesi 2,5 prosente barabar.

Resmi statistikalara görä, Orsýetde 30 müňden gowrak adam öldi, ýöne bu statistika kesel ýokaşanlaryň we ondan ölenleriň hemmesini öz içine almaýar-da, diňe wirus ölümiň esasy sebäbi hökmünde ykrar edilen ýagdaýlary öz içine alýar.

Dünýäde 35 milliondan gowrak adam koronawirusdan sagaldy, häzirki wagtda dünýäde takmynan 14 million kesel bilen bagly aktiw ýagdaýlar bar.

XS
SM
MD
LG