Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Tanymal täjik ýazyjysy Bahmanýor Amini 66 ýaşynda aradan çykdy


Täjik ýazyjysy Bahmanýor Amini

Tanymal täjik ýazyjysy Bahmanýor Amini 66 ýaşynda Duşanbe şäherinde aradan çykdy.

Täjigistanyň Ýazyjylar bileleşigi Aminiň 10-njy noýabrda irden öýünde dünýäden ötendigini mälim etdi.

Onuň ölüminiň sebäbi barada maglumat berilmedi. Ýöne bileleşigiň başlygynyň orunbasary Ato Mirhoja soňky aýlarda ýazyjynyň aşgazan problemalaryndan ejir çekendigini aýtdy.

Amini 1970-80-nji ýyllarda Täjigistanyň esasy gazetlerinde žurnalist bolup işledi. Arap dilinde arassa gürleýän Amini 1983-85-nji ýyllarda Liwiýada sowet resmilerine terjimeçi bolup işledi.

Amini romanlary sowet resmileriniň kadalaryna laýyk gelmeýän ilkinji täjik ýazyjylarynyň biridir. Onuň 1980-nji ýyllaryň ahyrynda we 1990-njy ýyllaryň başynda neşir edilen kitaplary oňa derrew meşhurlyk gazandyrdy.

Onuň “Awçynyň söýgüsi”, “Suw aty” we “Gynanç tüssesi” ýaly iň meşhur romanlary gahrymanlaryň içki durmuşyna we emosional tolgunyşyklaryna bagyşlandy. Bu gahrymanlaryň köpüsi toslama Sarmad jülgesiniň ýaşaýjylarydy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG