Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarusyň ýadro desgasy açylyş dabarasyndan üç gün soň önümçiligini togtatdy


Belarusyň Astrawets şäheriniň golaýynda ýerleşýän ýadro desgasy

Belarusyň Litwa bilen serhediniň golaýyndaky ýeke-täk ýadro desgasy resmi taýdan açylandan üç gün soň elektrik önümçiligini togtatdy. Awtoritar lider Alýaksandr Lukaşenka bu desganyň açylyşynda öz ýurdunyň “ýadro güýjüne öwrüljekdigi” bilen öwünipdi.

Ýadro desgasynyň resmisiniň 10-njy noýabrda beren maglumatynda bir gün öň ýurduň Energetika ministrliginiň elektrik energiýasynyň gaýtadan dikeldilmegi üçin kesgitlenmedik enjamlaryň çalşylmalydygyny aýdandygyny we şondan soň desganyň önümçiliginiň togtadylandygyny mälim etdi.

Tut.by onlaýn neşiri ýurduň energiýa resmilerine ýakyn bir çeşmä salgylanyp, ýadro desgasyndaky işleriň birnäçe woltly transformator ýarylandan soň togtadylandygyny aýtdy.

Çeşmäniň aýtmagyna görä, ýagdaý gözegçilik astynda, ölenler bolmady we zawodda radiasiýa düzgün bozulmalary hasaba alynmady.

Lukaşenka 7-nji noýabrda günbatar Astrawets şäheriniň golaýynda ýerleşýän ýadro desgasyny açanda ony “ýurduň energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek üçin geljege täze ädim" diýip atlandyrdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG