Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-da COVID-19 sebäpli rekord derejedäki adam keselhana ýerleşdirildi


Medisina işgäri gorag lybasyny geýýär.
Medisina işgäri gorag lybasyny geýýär.

ABŞ-da soňky hepdeleriň dowamynda koronawirus ýagdaýlarynyň gürelmegi bilen, ýurtda rekord derejedäki adam COVID-19 sebäpli keselhanalara ýerleşdirildi.

10-njy noýabrda COVID-19 bilen 62 müňe golaý adam keselhana ýerleşdirildi. Bu wirusyň apreldäki we iýuldaky tolkunlary döwründäki iň ýokary görkezijilerden hem uludyr. Bu barada COVID Gözegçilik taslamasy maglumat berýär.

“Rekord derejede adamlaryň keselhanalara ýerleşdirilmegi, wirusyň ýaýrap başlaly bäri, pandemiýanyň Birleşen Ştatlaryň demirgazyk-gündogar sebitinde iň agyr sepgidine girendigini görkezýär” diýip, COVID Gözegçilik taslamasy belledi.

Keselhana ýerleşdirilýän adamlaryň sany soňky iki hepdäniň dowamynda 40% ýokarlandy. Şeýle-de, wirusa ýolugýanlaryň gündelik sany tapgyr ýedi gün artyp, bu görkeziji ortaça 120 müňe golaýlady.

Noýabryň başyndan bäri ABŞ-da wirus bilen 1 milliondan gowrak adam keselledi, şeýle-de wirusdan heläk bolýanlaryň gündelik sany ortaça 1 müň adamdan aşdy.

Has täsirli bejeriş usullary şu ýylyň ýazy bilen deňeşdirilende adam ölümleriniň sanyny has pes derejede saklamaga mümkinçilik berýär. Emma ýurduň ençeme sebitinde saglyk işgärleri ýüz tutýan köp sanly näsaglaryň ählisine ýetişmekde kynçylyk çekýärler.

Bilermenler gyşda pandemiýanyň has hem ýaramazlaşjakdygyny duýdurýarlar.

XS
SM
MD
LG