Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ermeni häkimiýetleri “hökümet agdarylyşygy” synanyşygyna garşy duýduryş berdi


Ok atyşyklary bes etmek baradaky ylalaşykdan soň, Ermenistanyň paýtagty Ýerewanda gahar-gazaba münen protestçiler hökümet we parlament binalaryna hüjüm etdiler.
Ok atyşyklary bes etmek baradaky ylalaşykdan soň, Ermenistanyň paýtagty Ýerewanda gahar-gazaba münen protestçiler hökümet we parlament binalaryna hüjüm etdiler.

Ermenistanda oppozisiýanyň premýer-ministr Nikol Paşiniýanyň çekilmegini talap edip 11-nji noýabrda Ýerewanda protestleri geçirmegi planlaşdyrýan pursady, ermeni häkimiýetleri “hökümet agdarylyşygy” synanyşygyna garşy duýduryş berdi.

Paşiniýan Daglyk-Garabag sebitinde Azerbaýjan bilen etniki ermenileriň arasyndaky alty hepde dowam eden çaknyşyklary togtatmak üçin, Russiýanyň araçylyk etmeginde azeri tarapy bilen ylalaşyga gol goýandan soňra, Kawkaz döwletinde syýasy dartgynlylyklar barha ýitileşýär.

Ok atyşyklary bes etmek baradaky ylalaşygyň 10-njy noýabrda irden yglan edilmegi Azerbaýjanda şatlyk-dabara bilen garşylanan bolsa, Ermenistanyň paýtagty Ýerewanda gahar-gazaba münen protestçiler hökümet we parlament binalaryna hüjüm etdiler.

Premýer-ministriň orunbasary Tigran Awiniýan telewideniýede eden çykyşynda häzirki hökümetiň çekilmek mümkinçiliklerini aradan aýyrmaýandygyny aýtdy, şol bir wagtda “hökümet agdarylyşygy” synanşygyna garşy duýduryş berdi.

Russiýanyň araçylygynda gelnen ylalaşyga görä, Azerbaýjan konflikt döwründe Daglyk-Garabagyň töwereklerindäki ele salnan territoriýany öz elinde saklar. Şeýle-de ylalaşyk ermeni güýçlerini Daglyk-Garabagyň serhetleriniň daşynda ýerleşýän käbir sebitleri tabşyrmaga çagyrýar.

Ylalaşygyň çäklerinde Daglyk-Garabagda Russiýanyň parahatçylygy goraýyş goşunlary hem ýerleşdiriler.

XS
SM
MD
LG