Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ozalky gyrgyz prezidenti Atambaýewiň sud diňlenişigi gaýtadan dowam edýär


Ozalky gyrgyz prezidenti Almazbek Atambaýew
Ozalky gyrgyz prezidenti Almazbek Atambaýew

Bişkekda ozalky gyrgyz prezidenti Almazbek Atambaýewiň üstünden geçýän sud diňlenişigi gaýtadan başlady. Sudýa aklawçylaryň işi başga bir kaza geçirmek baradaky haýyşy bilen ylalaşdy.

11-nji noýabrdaky sud diňlenişigine Atambaýewiň özi hem gatnaşyp, ol iýundan bäri suduň zalynda ilkinji gezek peýda boldy. Mundan öň, Atambaýew beýleki aýyplanýanlar bilen bir hatarda oturmakdan ýüz öwüripdi.

Ozalky prezident geçen ýyl Bişkegiň etegindäki öýünde howpsuzlyk güýçleri bilen öz tarapdarlarynyň arasyndaky adam pidaly çaknyşyklar boýunça sud işini dowam etdirmek talabyna boýun boldy.

Sud diňlenişigi Atambaýewiň saglyk ýagdaýlary, käbir aklawçylaryň suda gelmändigi, şeýle-de koronaiwirusyň netijesinde girizilen çäklendirmeler sebäpli martdan bäri ençeme gezek yza süýşürilipdi.

6-njy oktýabrda, şondan iki gün öň geçen parlament saýlawlarynyň netijelerine garşy geçirilen protestleriň dowamynda Atambaýew Bişkekdäki tussaghanadan boşadylypdy. Ol 10-njy oktýabrda gaýtadan tussag edildi.

Iýunda Atambaýew ýakasy gaýyşly jenaýat ketdesi Aziz Batukaýewiň 2013-nji ýylda bikanun ýagdaýda tussaglykdan boşadylmagy boýunça 11 ýyl we iki aý türme tussaglygyna höküm edilipdi.

XS
SM
MD
LG