Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ermenistan parahatçylyk şertnamasynyň çäginde jedelli territoriýalary Azerbaýjana tabşyryp başlaýar


Onlarça ýyl bäri etniki ermenileriň kontrollugynda saklanan Azerbaýjanyň Kalbajar etrabynyň ýaşaýjylary öýlerini terk etdiler, käbirleri gitmezden ozal öýlerini otladylar diýip, Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Ermeni gullugy habar berýär.

Ermenistan jedelli Daglyk-Garabag sebitiniň üstünde alty hepdelik söweşi bes eden parahatçylyk şertnamasynyň çäginde 15-nji noýabrda jedelli territoriýalary Azerbaýjana tabşyryp başlaýar.

Onlarça ýyl bäri etniki ermenileriň kontrollugynda saklanan Azerbaýjanyň Kalbajar etrabynyň ýaşaýjylary öýlerini terk etdiler, käbirleri gitmezden ozal öýlerini otladylar diýip, Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Ermeni gullugy habar berýär.

Kalbajarda – Sowet Soýuzynyň dargamagynyň yzýany, 1990-njy ýyllardaky uruşda ermeniler tarapyndan kowulmazdan ozal – esasan etniki azerbaýjanlylar ýaşaýardy we ozal terk edilen öýleriň köpüsi olara degişlidi.

Territoriýa Azerbaýjana berilmezden öň, ermeniler Dadiwank monastyryna soňky sapar ýygnandylar.

Russiýanyň parahatçylygy goraýjy güýçleri 14-nji noýabrda monastyryň golaýynda ýerleşdiler.

Kreml 14-nji noýabrda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýewe, Daglyk-Garabagyň Azerbaýjanyň gözegçiligi astynda boljak böleklerinde hristian ybadathanalaryny goramagy tabşyrandygyny aýtdy.

Alyýew hristian mukaddes ýerlerini goramagy wada berdi diýlip, onuň metbugat gullugy tarapyndan ýaýradylan beýanatda bellenilýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG