Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainada koronawirus bilen bagly ölümleriň sany 10 müňden aşdy – Saglyk ministrligi


Illýustrasiýa suraty

Ukraina soňky 24 sagadyň dowamynda COVID-19 bilen bagly täze rekord, 256 ölüm hasaba aldy, jemi heläk bolanlaryň sany 10 müň 112 adama ýetdi diýip, ýurduň saglyk ministri 18-nji noýabrda aýtdy.

“18-nji noýabrda Ukrainada 12 müň 496 täze COVID-19 hadysasy resmi taýdan hasaba alyndy. Olardan 529 medisina işgärine we 535 çaga kesel ýokaşdy” diýip, Maksym Stepanow aýtdy.

Soňky 24 sagadyň dowamynda Ukrainada 1 müň 668 adam COVID-19 alamatlary bilen hassahana ýerleşdirildi. Ýurt boýunça umumy hadysalaryň sany 570 müň 153 adama ýetdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG