Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp özüniň galplyk baradaky öňe sürmelerini ret eden saýlaw howpsuzlyk resmisini işden boşatdy


ABŞ-nyň Kiber-howpsuzlyk we infrastruktura howpsuzlygy agentliginiň direktory Kristofer Krebs (Christopher Krebs)
ABŞ-nyň Kiber-howpsuzlyk we infrastruktura howpsuzlygy agentliginiň direktory Kristofer Krebs (Christopher Krebs)

ABŞ prezidenti Donald Tramp ýokary derejeli federal kiber howpsuzlyk resmisini işden boşatdy. Ol prezidentiň giň ýaýran galplyk baradaky öňe sürmelerini ret edip, 2020-nji ýylyň prezident saýlawlarynyň howpsuz bolandygyny aýdypdy.

Tramp Kristofer Krebsi işden boşadýandygyny 17-nji noýabrda Twitterde yglan etdi. Prezident Krebsiň ýolbaşçylyk edýän agentliginiň saýlawlaryň howpsuzdygyny aýdan beýanatynyň “gaty ýalňyşdygyny” aýtdy.

Trampyň ýazan twitleri ölen adamlaryň adyndan ses berlendigi, synçylaryň saýlaw merkezlerine goýberilmändigi, saýlaw enjamlarynyň ýalňyşandygy baradaky delilsiz öňe sürmelere salgylanyp, saýlawlarda “köpçülikleýin bidüzgünçilikleriň we galplygyň” bolandygyny öňe sürdi.

Twitter “saýlaw galplygy baradaky bu aýyplama jedelli” diýip, bu twite derrew bellik goýdy.

Krebsiň işden kowulmagy Trampyň saýlanan prezident Jo Baýdeniň ýeňşini ykrar etmeýän wagtyna hem-de saýlawyň “galpdygy” barada delilsiz aýyplamalara dowam edýän pursadyna gabat gelýär.

Krebs Kiber-howpsuzlyk we infrastruktura howpsuzlygy agentligine (CISA) bu gullugyň 2016-njy ýyldaky saýlawlara rus gatyşygynyň yz ýany döredilmeginden tä 3-nji noýabr saýlawlaryna çenli ýolbaşçylyk etdi.

Gullugyň baştutany hökmünde Krebs saýlaw infrastrukturalaryny daşary ýurt gatyşygyna we galplyga garşy goramak üçin iş alyp baran ýokary derejeli resmileriň biri boldy.

Geçen hepde beren beýanatynda bu agentlik 2020-nji ýyl saýlawlarynyň “Amerikanyň taryhynda iň howpsuz” saýlaw bolandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG