Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama täze memuarlarynda Putini tankytlady


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama (çepde) we rus prezidenti Wladimir Putin 2013-nji ýylda Demirgazyk Irlandiýada geçen G7 toparynyň sammitinde
ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama (çepde) we rus prezidenti Wladimir Putin 2013-nji ýylda Demirgazyk Irlandiýada geçen G7 toparynyň sammitinde

ABŞ-nyň ozalky prezidenti Barak Obama özüniň täze kitabynda rus prezidenti Wladimir Putini ýiti tankytlap, ony “jenaýat sindikatyny” ýatladýan hökümetiň lideri atlandyrdy.

Obama 17-nji noýabrda “Wada berlen toprak” ady bilen çap bolan memuarlarynyň ilkinji tomunda, Putiniň 19-njy asyryň aýaklarynda we 20-nji asyryň başlarynda ABŞ-nyň şäherlerini dolandyran parahor syýasy ketdelerini ýatladandygyny belleýär.

Şol ketdeler agalyga we parahorlyga “söwdanyň kanuny serişdeleri hökmünde” garapdylar diýip, Obama kitabynda nygtaýar.

Obama Putiniň “howatyr etmeli, ýöne, belki-de mysalyna eýermeli däl” bir döwleti gurandygyny belleýär. Ol ösen döwletlerden sanlyja ýa-da hiç bir adamyň “ylham” üçin Moskwa tarap garamaýandygyny hem aýdýar.

2009-2017-nji ýyllar aralygynda ABŞ-nyň prezidenti bolan Obamanyň Putin bilen örän ýiti gatnaşyklary bolupdy.

Obama Moskwanyň 2008-nji ýylyň awgustynda Gürjüstana hüjüm etmeginiň yzýany häkimiýet başyna gelipdi.

Obama ilki Moskwa bilen gatnaşyklary gowulandyrmak ugrunda tagalla hem edipdi.

Obama Putiniň bilinden ýokarysyny ýalaňaçlap atda çapýan ýaly suratlaryna hem ünsi çekip, munuň bir ýetginjegiň Instagramdaky özüni alyp barşyna meňzeýändigini belledi.

XS
SM
MD
LG