Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Baýden Döwlet sekretary wezipesine Antoni Blinkeni hödürleýär


Antoni Blinken

ABŞ-nyň habar beriş serişdeleriniň 22-nji noýabrda habar bermegine görä, ABŞ-nyň saýlanan prezidenti Jo Baýdeniň uzak wagtlap işleşen geňeşçisi we weteran diplomat Antoni Blinkeni döwlet sekretary wezipesine hödürlemegine garaşylýar.

Blinken wezipä hödürlenip, Senat tarapyndan tassyklansa dört ýyllyk prezident Donald Trampyň halkara institutlaryny ret etmekden we ýaranlar hem bäsdeşler bilen çaknyşmakdan ybarat “Amerika ilkinji” syýasatyndan soň täze amerikan diplomatiýasy we halkara gatnaşyklary bilen işleşmeli bolar.

Baýden muny 24-nji noýabrda ministrleri bellemek boýunça ilkinji maslahatynda yglan eder.

Öňki Döwlet sekretary Hillary Klintonyň ýakyn kömekçisi Jeýk Saliwan Baýdeniň milli howpsuzlyk geňeşçisi wezipesine bellener.

Ilki Bloomberg tarapyndan habar berlen we soň beýleki habar beriş serişdeleri tarapyndan tassyklanan Blinkeniň bellenilmegi baradaky habar Baýdeniň Trampyň saýlawlary agdarmak synanyşygyna garamazdan, geçiş döwründäki býurokratiýa garamazdan, administrasiýasynyň düýbüni tutmagyny dowam etdirýän wagtyna gabat geldi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG