Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Halkara jemgyýetçiligi Owganystana 2021-24-nji ýyllar üçin $12 milliard bermegi borçlandy


Ženewadaky konferensiýa 66 döwlet we 32 halkara guramasy gatnaşdy.
Ženewadaky konferensiýa 66 döwlet we 32 halkara guramasy gatnaşdy.

Halkara jemgyýetçiligi Owganystanyň ösüşini goldamak üçin 2021-nji ýylda 3 milliard dollar, dört ýylyň dowamynda bolsa 12 milliard dollar möçberinde hemaýat bermegi öz üstüne aldy. Şol bir wagtda, “Talyban” topary bilen alnyp barylýan parahatçylyk gepleşikleriniň gowşamagy arasynda, bu pullaryň uruşdan ejir çeken ýurduň adam hukuklaryny ilerletmek ugrunda goýberiljekdigi boýunça şert goýuldy.

Maliýe goldawyny bermek barada Finlýandiýanyň guramaçylyk etmeginde Ženewa şäherinde donor ýurtlarynyň we guramalarynyň geçiren konferensiýasynyň dowamynda ylalaşyldy.

Nobatdaky maliýe hemaýaty donorlaryň ozalky, 2016-njy ýylda Brýusselde geçiren konferensiýasynda ylalaşylan kömek pulundan azdyr. Şonda Owganystana 15,2 milliard dollar bermek barada ylalaşylypdy.

Ženewadaky onlaýn ýagdaýda geçen konferensiýa umumy hasapda 66 döwlet we 32 halkara guramasy gatnaşdy. Olar “hemişelik we ygtybarly parahatçylyk” üçin “berk goldaw” bildirdiler diýip, Finlýandiýa belledi.

Bu aralykda, Owganystanyň merkezi sebitinde amala aşyrylan iki hüjümde azyndan 14 adam öldi.

XS
SM
MD
LG