Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň özünde dowam edýän ýiti ykdysady krizisiň, azyk ýetmezçiliginiň arasynda Owganystana ynsanperwer kömek ýollaýar. Bu barada Türkmenistanyň ýarym-resmi nternet neşirinde habar berilýär.
Maglumata görä, ynsanperwer kömegiň düzümine däri-dermanlar, azyk harytlary, tekstil we öý hojalygyna degişli beýleki önümler girýär. Berdimuhamedowyň gol goýan degişli kararyna laýyklykda, bu kömek Türkmenistanyň bitaraplygynyň 25-nji ýyl dönümine bagyşlanyp iberilýär.
Awgustda Türkmenistan Owganystana ynsanperwer kömek hökmünde ýokanç keselleri anyklamak üçin lukmançylyk enjamlarynyň toplumlaryny hem muzdsuz iberipdi.
Bu aralykda, Türkmenistanyň özünde ýeke hadysasy hem resmi hasaba alynmadyk koronawirus aladalary bilen baglylykda, medisina enjamlarynyň, däri-dermanlaryň ýetmezçilik edýändigi barada maglumatlar gowuşýar.
Türkmenistan özünde dowam edýän ykdysady kynçylyklary, koronawirus ýagdaýlaryny resmi taýdan boýun alman, mart aýynda Eýrana koronawirus epidemiýasy sebäpli ynsanperwer kömek iberdi, Russiýanyň Astrahan sebitine tonnalap kömek ýollady.
Вакцинаны Хытай довлетинден алан болсалар говы боларды ,Турк доганларымыздан горелде алып ,шонда ялнышмарыс! Тебигы газымыз бн хасаплашып хем билердик! Хер бир затда Кремльин межбур эдени билен ,оларын диенини эдибермелими , онсузам 30(отуз) йыл туркмен халкыны косап гелйарлер,ягны олары адам хасабында гормани!