Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Tramp saýlawlara rus gatyşygynyň derňewinde günäsini boýun alan öňki geňeşçisiniň günäsini geçdi


Maýkl Flin (Michael Flynn)

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp howpsuzlyk boýunça öňki geňeşçisi Maýkl Fliniň günäsini geçip, onuň 2017-nji ýylda başlanan kazyýeti işiniň soňuna çykdy. Flin rus gatnaşyklary bilen bagly Federal derňew býurosyna (FBI) ýalan sözländigini boýun alypdy.

Tramp “general Maýkl T. Fline doly günä geçişlik berlendigini yglan etmegiň” özi üçin “uly mertebedigini” aýdyp, bu günä geçişligi 25-nji noýabrda Twitterde yglan etdi.

Muny demokrat kanun çykaryjylar tankytlady. Wekiller öýüniň spikeri Nensi Pelosi günä geçişligi “agyr korrupsiýa işi we häkimiýetden haýasyz hyýanatly peýdalanmak” atlandyrdy.

Trampyň prezidentlige geçiş döwründe Fliniň ABŞ-daky rus ilçisi bilen geçiren gizlin gepleşikleri derňewiň özeni boldy. Derňew saýlawlarda Tramp kampaniýasy bilen rus hökümetiniň arasynda haýsydyr bir guramaçylygyň bolandygy ýa-da däldigi barada boldy.

ABŞ prokurorlary Flin bilen ilçiniň prezident Barak Obamanyň saýlaw “gatyşygy” üçin Moskwa garşy girizen sanksiýalaryny maslahat edendigini aýtdy.

Flin 2016-njy ýylyň saýlawlaryna rus gatyşygyny hem barlan derňewde günäsini boýun alan ýa-da höküm çykarylan birnäçe öňki Tramp geňeşçisiniň biridir.

Russiýa gatyşygy ret etdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG