Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türk kazyýeti 2016-njy ýylyň agdarylyşyk synanyşygynda aýyplanýan onlarça adamy ömürlik tussaglyga höküm etdi


Ankaranyň kazyýet binasynyň öňünde garaşýan polisiýa işgärleri. Arhiw suraty.

Türk kazyýeti onlarça aýyplanýany, şol sanda goşun serkerdelerini we uçarmanlary 2016-njy ýylyň iýulynda prezident Rejep Taýýip Erdogana garşy ganly agdarylyşyk synanyşygyna gatnaşmakda günäli tapyp, ömürlik türme tussaglygyna höküm etdi.

Olara adam öldürmek, konstitusion düzgüni ýykmaga synanyşmak, prezidentiň janyna kast etmäge synanyşmak ýaly jenaýatlardan höküm çykaryldy diýip, 26-njy noýabrda habar agentlikleri Ankaranyň sud zalyndan habar berdi.

Soňky üç ýyl bäri 475 aýyplanýanyň sud işi dowam edýärdi. Olar agdarylyşygy guramalaşdyrmakda we möhüm hökümet binalaryny, şol sanda parlamentiň we prezident köşgüniň bir bölegini hem-de polisiýanyň ştab-kwartiralaryny bombalamakda aýyplandy.

Başa barmadyk agdarylyşyk synanyşygynda 250-den gowrak adam heläk boldy. Ankara ABŞ-da ýaşaýan musulman din ruhanysy Fethullah Güleniň goldawçylaryny agdarylyşyk synanyşygynda günäkärledi. Agdarylyşyga ilteşigini ret edýän 79 ýaşly din ruhanysy gaýybana sud edilýän alty aýyplanýanyň hataryndadyr.

Agdarylyşygyň yz ýany yglan edilen berk adatdan daşary ýagdaýda ýurt boýunça 100 müňden gowrak adam, şol sanda hökümet resmileri, kazylar, polisiýa ofiserleri işlerinden kowuldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG