Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak partiýasy ýanwara bellenen parlament saýlawlaryny boýkot edýär


Partiýa lideri Ashat Rahymžanow Azatlygyň Gazak gullugynyň žurnalisti bilen söhbetdeşlik wagtynda. Arhiw suraty
Partiýa lideri Ashat Rahymžanow Azatlygyň Gazak gullugynyň žurnalisti bilen söhbetdeşlik wagtynda. Arhiw suraty

Gazagystanyň Milli sosial demokratik partiýasy ýetip gelýän parlament saýlawlaryny boýkot etjekdigini yglan etdi. Bu partiýa özüni oppozisiýa topary hasaplaýar.

Partiýanyň lideri Ashat Rahymžanow merkezi aziýa döwletiniň syýasy sahnasynda “şol bir” syýasy elitanyň agdyklyk edýändigini aýdyp, öz partiýadaşlarynyň 10-njy ýanwarda geçiriljek saýlawlara gatnaşmajakdygyny mälim etdi.

"Şol bir düzgün, şol bir syýasy partiýalar" diýip, Rahymžanow anyklaşdyrman aýtdy.

Saýlawlara gatnaşmazlyk karary 27-nji noýabrda geçirilen partiýa konferensiýasynda, gatnaşyjylaryň köpüsiniň saýlawlary boýkot etmek üçin ses bermegi bilen kabul edildi.

Gazagystanyň hökümeti saýlawlara resmi hasaba alnan alty syýasy partiýanyň gatnaşjakdygyny aýtdy. Bu partiýalara dolandyryjy Nur Otan, hökümete tarapdar dört partiýa - Ak žol, Auyl, Birlik, Kommunistik Halk partiýasy we Gazagystanyň Milli sosial demokratik partiýasy girýär.

Bu Kasym-Žomart Tokaýewiň otuz ýyl çemesi ýurt ýolbaşçysy bolan Nursoltan Nazarbaýew wezipesinden çekilenden soň prezident bolaly bäri geçirilen ilkinji parlament saýlawlary bolar.

Nazarbaýew henizem ýurduň kuwwatly Howpsuzlyk Geňeşiniň başlygy, dolandyryjy Nur Otan partiýasynyň ýolbaşçysy ýaly möhüm wezipeleri bar.

Şeýle-de ol, milletiň lideri hökmünde, çäksiz ygtyýarlykdan we eldegrilmesizlikden peýdalanýar.

107 orunlyk Mejlisde häzirki wagtda Nazarbaýewiň Nur Otan partiýasynyň 84 wekili bar.

Gazagystanyň Kommunistik Halk Partiýasy we Ak žol partiýasynyň hersinde ýedi orun bar.

Galan dokuz orny Nazarbaýewiň gözegçiligindäki gurama, Gazagystanyň Halk Assambleýasy belleýär.

Soňky parlament saýlawlary 2016-njy ýylyň mart aýynda geçirildi.

XS
SM
MD
LG