Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hong Kongda aktiwistler türme tussaglygyna höküm edildi


Demokratik aktiwistler (sagdan çepe) Iwan Lam, Joşua Wong we Agnes Çow sud diňlenişigine barýarlar. Hong Kong. 23-nji noýabr, 2020 ý.
Demokratik aktiwistler (sagdan çepe) Iwan Lam, Joşua Wong we Agnes Çow sud diňlenişigine barýarlar. Hong Kong. 23-nji noýabr, 2020 ý.

Hong Kongda hökümete garşy rugsat berilmedik protestlere garşy geçen ýyl kabul edilen kanuna laýyklykda, 2-nji dekabrda demokratik aktiwistler Joşua Wong, Agnes Çow we Iwan Lam türme tussaglygyna höküm edildiler.

Hytaý geçen ýyl ýarym-awtonom Hong Kongda ençeme aýlap geçirilen hökümete garşy protestleriň netijesinde, bu sebitdäki gözegçiligini güýçlendirdi. Protestleriň dowamynda demonstrantlar bilen polisiýanyň arasynda gazaply çaknyşyklar hem bolupdy.

Wong geçen ýylyň iýunynda protestleri gurnandygyny we oňa gatnaşandygyny aýtdy; oňa 13,5 aý türme tussaglygy berildi.

Çow hem protestlere gatnaşandygyny we beýlekileri oňa goşulmaga çagyrandygyny aýtdy; ol 10 aý türme tussaglygyna höküm edildi.

Lam adamlary protestlere gatnaşmaga çagyrandygyny aýtdy, netijede oňa ýedi aý türme tussaglygy berildi.

2019-njy ýylyň 21-nji iýunynda müňlerçe adam jenaýat derňewi astyndaky adamlaryň Hytaýa ekstradisiýa edilmegine ygtyýar berjek kanun taslamasyna garşy protest geçirip, polisiýanyň binasynyň daşyny gabapdylar. Bu ekstradisiýa taslamasy soňy bilen ýatyryldy.

Iýunda Pekin Hong Kongda dissidentleri basyp ýatyrmak üçin milli howpsuzlyk kanunyny kabul etdi.

XS
SM
MD
LG