Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ermenistan Daglyk-Garabag söweşleri sebäpli girizen ýöriş gadagançylygyny we beýleki çäklendirmeleri ýatyrdy


Daglyk-Garabag ýaraşyk ylalaşygyndan soň ermeniler protest ýörişlerini geçirdi.

Ermeni häkimiýetleri bölünip aýrylan Daglyk-Garabag sebitiniň üstünde turan söweşleriň arasynda, iki aý gowrak mundan ozal köpçülik ýörişlerine we iş taşlaýyşlara girizen käbir çäklendirmelerini ýatyrdy.

Bu karar Russiýanyň araçylygyndaky ýaraşyk ylalaşygyna gol çekilmeginden üç hepde töweregi soň alyndy. Ylalaşyk üç onýyllygyň iň agyr söweşlerini togtatdy we Azerbaýjanyň Daglyk-Garabagyň ep-esli bölegini we onuň töweregindäki etraplary yzyna almagy bilen netijelendi.

Ýaraşygyň yglan edilmegi hem-de etniki ermenileriň gözegçilik edýän territoriýalaryny ýitirmegi Ermenistanda köçe protestlerini tutaşdyrdy. Ýerewanda müňlerçe adam köçelere çykyp premýer-ministr Nikol Paşiniýanyň wezipeden çekilmegini talap etdi.

2-nji dekabrda 4 müň töweregi demonstrant şäher merkezinde ýöriş geçirdi. Olar “Nikol, sen dönük!” ýaly şygarlary aýtdylar.

Hökümet öz kararynda ýöriş we iş taşlaýyş geçirmek boýunça girizilen çäklendirmeleri ýatyrýandygyny, şeýle-de Günorta Kawkaz ýurduna girmäge we ondan çykmaga degişli düzgünleri gowşadýandygyny aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG