Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ rekord COVID-19 ölüm sanlaryny hasaba aldy


Illýustrasiýa suraty

2-nji dekabrda Birleşen Ştatlary ynjalyksyzlandyryjy koronawirus sanlaryny hasaba aldy. Bu sanlar öňümizdäki hepdeleriň agyr boljakdygyny duýdurýar.

Häzirki wagtda Birleşen Ştatlary boýunça 100 müňden gowrak adam COVID-19 bilen hassahana ýerleşdirildi. Bu rekord san ýurt boýunça hassahanalara we saglyk işgärlerine howp salýar.

Ölümleriň günlük sany rekord goýdy, bir günde 2733 adam öldi we kesele ýokaşan adamlaryň sany 200 müňe golaýlady.

Kesellere gözegçilik we öňüni alyş merkezleriniň ýolbaşçysy Dr. Robert Redfield 2-nji dekabrda has erbet günleriň entek öňdedigini aýtdy.

“Dekabr, ýanwar we fewral agyr döwür bolar. Men aslynda bu aýlaryň ýurduň saglyk taryhynda iň agyr döwür boljakdygyna ynanýaryn” diýip, Redfield ABŞ-nyň Söwda palata gaznasynda eden çykyşynda aýtdy.

Ol Birleşen Ştatlarda COVID-19 ölüm sanlarynyň fewrala çenli 450 müňe ýetmeginiň mümkindigini duýdurdy. Şu wagta çenli pandemiýadan ýurt boýunça 273 müň töweregi adam aradan çykdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG