Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

HRW: Azerbaýjan ermeni uruş ýesirlerine sütem edýär


Azerbaýjan esgerleri döwlet baýdagyny göterip, Laçin regionynyň Azerbaýjana gaýtarylmagyny gutlaýar.

Soňky Daglyk-Garabag söweşinde ýesir düşen etniki ermeni goşunlaryna azerbaýjan güýçleri tarapyndan köp halatda adamkärçiliksiz çemeleşilýär, olar fiziki hüjümlere we kemsitmelere sezewar edilýär diýip, Human Rights Watch guramasy aýdýar.

Sosial mediada giňden paýlaşylýan wideolarda Azerbaýjan esgerleri ermeni uruş ýesirlerine şarpyk çalýar, olary depýär, itekleýär diýip, HRW aýtdy.

Wideolarda ermeni uruş ýesirleri zor bilen Azerbaýjan baýdagyny öpmäge, Azerbaýjan prezidenti Ylham Aliýewi öwmäge, ermeni premýer-ministri Nikol Paşiniýana sögmäge we Daglyk-Garabagyň Azerbaýjana degişlidigini yglan etmäge mejbur edilýärler.

HRW ermeni uruş ýesirleri “kemsidilen” onlarça sosial media wideolaryndan 14 sanysyny ýakyndan barlady.

Gurama wideolarda kemsidilen uruş ýesirleriniň maşgalalary bilen gepleşdi. Şeýle wideolar Telegram kanallarynda, şol sanda “Kolorit 18+” we “Karabah News” kanallarynda hem-de birnäçe Instagram hasaplarynda paýlaşyldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG