Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Azerbaýjan soňky Dagly-Garabag söweşinde 3000 töweregi esgeriniň öldürilendigini aýdýar


Azerbaýjanyň Tartar şäheriniň golaýynda, Dagly-Garabagda bolan çaknyşyk mahalynda ýola düşen we ýarylmadyk snarýad. 2020-nji ýylyň 28-nji sentýabry.

Baku 44 günlük konfliktiň pidalarynyň anyk sanyny ilkinji gezek çap etdi. Azerbaýjan resmileriniň aýtmagyna görä, Dagly-Garabag üstünde etniki ermeni güýçleri bilen bolan soňky söweşde 2800-e golaý azerbaýjan esgeri öldürildi.

Goranmak ministrliginiň 3-nji dekabrda ýaýradan sanlary Orsýet tarapyndan araçylyk edilmegi netijesinde gol çekilen we Azerbaýjanyň bir bölegi bolup durýan, emma 1990-njy ýyllaryň başyndan bäri etniki ermenileriň gözegçiliginde galýan dawaly territoriýa üstünde turan söweş gutarandan üç hepde töweregi soň çap edildi.

27-nji sentýabrda başlanan söweş 1990-njy ýyllaryň başyndan bäri bolan iň erbet çaknyşyk boldy we azerbaýjan güýçleriniň daglyk sebitiň we töwerekdäki etraplaryň köpüsine gözegçilik etmegi bilen tamamlandy.

Goranmak ministrligi çaknyşykda esgerleriniň we ofiserleriniň 2773-siniň öldürilendigini, 100-den gowrak harby işgäriň dereksiz ýitendigini we henizem tapylmaýandygyny, 1245 harby gullukçynyň ýaralanandygyny aýtdy.

Ermenistanda Saglyk ministrliginiň işgärleri Azatlyk Radiosyna 2718 harby gullukçynyň jesetleriniň lukmançylyk işgärleri tarapyndan barlanýandygyny we jesetleriň arasynda azerbaýjan esgerleriniň jesetleriniň hem bolup biljekdigini aýtdy. Dagly-Garabag welaýatynyň administrasiýa işgärleri ozal şu wagta çenli 1741 esgeriň we ofiseriň jesediniň tapylandygyny aýtdylar. Bu san Ermenistanyň Saglyk ministrliginiň görkezijisini öz içine alýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG