Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanyň prezidentligi üçin ýigrimi kandidat dokument tabşyrýar 


Gyrgyz protestçileri. Bişkek. 7-nji oktýabr, 2020.

Gyrgyzystanyň Merkezi saýlaw komissiýasy 10-njy ýanwarda geçiriljek prezident saýlawlaryna gatnaşmak isleýän 20 kandidatyň zerur bolan tölegleri we ýygnalan gollary tabşyrandygyny aýtdy.

Komissiýa 4-nji dekabrda dalaşgärleriň 1 million som (11,800 dollar) tölegini, tarapdarlaryndan ýygnalan azyndan 30 müň goly we arzasyny tabşyrandygyny ýary gijeden soň, dokumentleri tabşyrmagyň möhleti geçensoň yglan etdi.

Saýlaw topary indi, 15-nji dekabrda prezidentlige dalaşgärleriň gutarnykly sanawyny yglan etmezden ozal, mümkin bolan kandidatlaryň ýygnan gollarynyň dürslügini barlar.

Prezidentlige dalaş etmek isleýändigini aýdyp, başda saýlaw toparyna 65 kandidat resmi arza berdi.

Ýurtda oktýabr aýynyň başynda geçirilen parlament saýlawlarynyň netijesi sebäpli dörän köpçülikleýin protestler merkezi aziýa ýurdunda ýene bir syýasy krizise alyp gelip, hökümetiň işden çekilmegine, prezident Sooronbaý Jeenbekowyň işinden gitmegine hem-de irki saýlawlaryň çagyrylamgyna sebäp boldy.

Oktýabr aýynda geçirilen demonstrasiýalaryň arasynda türmeden boşadylan Sadyr Žaparow kanun çykaryjylar tarapyndan premýer-ministr saýlandy we Jeenbekow işinden aýrylandan soň prezident ygtyýarlyklaryny aldy. Ol öň syýasy garşydaşyny alyp gaçandygy üçin azatlykdan mahrum edilip, uzak möhletli türme tussaglygynda otyrdy.

Žaparow noýabryň ortalarynda prezidentiň wezipesini ýerine ýetiriji we premýer-ministr hökmündäki wezipe borçlaryny togtatdy, sebäbi Gyrgyzystanyň kanuny wagtlaýyn prezidentiň wezipesini eýeleýän adamyň bu wezipä dalaş etmegine rugsat bermeýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG