Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-yň Ýokary sudy Trampyň toparynyň Pennsilwaniýadaky sesler boýunça şikaýatyny ret etdi


ABŞ-yň Ýokary sudunyň binasy
ABŞ-yň Ýokary sudunyň binasy

ABŞ-yň prezidenti Donald Trampyň hukuk topary, Birleşen Ştatlaryň Ýokary sudunyň Pennsilwaniýa ştatynda Jo Baýdeniň ýeňişini ýatyrmak baradaky arzasyny ret etmegine garamazdan, 3-nji noýabrdaky prezidentlik saýlawlarynyň netijelerini üýtgetmek ugrundaky tagallalaryny dowam etdirmegi göz öňünde tutýar.

ABŞ-nyň Ýokary sudy bu baradaky karary 8-nji dekabrda çykardy. Bu Trampyň, onuň hukuk toparynyň, şeýle-de Respublikan ýaranlarynyň saýlawlaryň netijelerini üýtgetmek boýunça tagallalaryna uly urgy boldy. Olar käbir ştatlarda saýlawlaryň netijelerini üýtgetmek boýunça şikaýatlar bilen ýüz tutdylar.

Ýokary sud Pennsilwaniýa boýunça şikaýaty ret edip, goşmaça maglumat bermedi.

Bu Trampyň toparynyň Ýokary suda tabşyran onlarça şikaýatynyň ilkinjisi boldy. Mundan ozal edilen şikaýatlaryň tas ählisi diýen ýaly aşaky sudlar tarapyndan ret edilipdi.

Ak tamyň ýeňijisini kesgitleýän Saýlaw kollegiýasy Baýdeniň ýeňşini tassyklamak üçin 14-nji dekabrda duşuşar. Baýden saýlawy kesgitleýän ştatma-ştat saýlaw sanlarynda 306 ses alsa, Tramp 232 ses aldy.

XS
SM
MD
LG