Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

AI BMG ekspertleriniň Eýrana 1988-nji ýyldaky gyrgynçylyk boýunça ýollan hatyny gowy garşylady


AI Eýrandaky 1988-nji ýyldaky gyrgynçylygy “adamzada garşy edilen jenaýat” diýip atlandyrdy.
AI Eýrandaky 1988-nji ýyldaky gyrgynçylygy “adamzada garşy edilen jenaýat” diýip atlandyrdy.

Adam hukuklaryna gözegçilik edýän “Amnesty International” (AI) topary BMG-niň ekspertleriniň 1988-nji ýylda Eýranyň türmelerinde dissidentleriň gyrylmagy boýunça jogapkärçilik talap edip, Eýranyň hökümetine ýollan hatyna gowy baha berdi.

Adam hukuklary boýunça ekspertler ýollan hatynda gyrgynçylyk bilen bagly ozal bolan we häzir dowam edýän kanunbozmalaryň “adamzada garşy jenaýat hökmünde häsiýetlendirilip bilinjekdigini” bellediler. Bu barada “Amnesty International” toparynyň 9-njy dekabrdaky beýanatynda aýdylýar.

“Amnesty International” we adam hukuklary boýunça beýleki toparlar köpden bäri Eýranda 1988-nji ýylda, Yrak bilen urşuň tamamlanmagynyň yzýany müňlerçe adamyň, aglaba ýaşlaryň öldürilmegi boýunça jogapkärçiligi talap edip gelýärler.

Öldürilenleriň köpüsi "Eýranyň Halk Mujahiddinleri" toparynyň agzalarydy. Eýranda gadagan edilen bu topar konfliktde Bagdadyň tarapynda çykyş edipdi. Aktiwistler müňlerçe adamyň kadaly sudsuz jezalandyrylyp öldürilendigini aýdýarlar. Gyrlan adamlaryň anyk sany entegem belli däl.

“Amnesty International” topary iki ýyl öň çap eden hasabatynda Eýrandaky bu gyrgynçylygy “adamzada garşy edilen jenaýat” diýip atlandyrdy, şeýle-de eýran hökümetini bu waka bilen ilteşikli ýagdaýlary “ýaşyrmakda” aýyplady.

XS
SM
MD
LG