Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gündogar Owganystanda ýaragly adamlar zenan TW alyp baryjysyny öldürdi


Owganystanly žurnalist we TW alyp baryjysy Malala Maiwand 10-njy dekabrda ýaragly adamlar tarapyndan öldürildi.

Owganystanda mediany nyşana alan soňky hüjümlerde gündogar Nangarhar welaýatynda hususy owgan telekanylynyň bir zenan alyp baryjysy we onuň sürüjisi näbelli hüjümçiler tarapyndan öldürildi.

10-njy dekabrda irden “Enikass TW” kanalanyň alyp baryjysy Malala Maiwand we onuň sürüjisi iş ýolunda atylyp öldürildi diýip, welaýatyň metbugat sekretary Ataullah Hogýany Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Maiwandyň bu telekanalda sekiz ýyl bäri işleýändigi aýdylýar. Ol Owganystanda aýal we çaga hukuklaryny goraýan aktiwist hökmünde-de tanalýar.

Owganystanda bir aýda ikinji žurnalisti öldüren hüjümiň jogapkärçiligini hiç bir adam ýa-da topar öz üstüne almady.

“Enikass TW” kanalynyň ýolbaşçysy Zalmai Latifi žurnalistiň öldürilmeginde “ýurduň duşmanlaryny” günäkärledi we ozal kanala ölüm haýbatlarynyň atylandygyny aýtdy.

“Talyban” bilen “Yslam döwleti” toparynyň ikisi-de Pakistan bilen araçäkleşýän bu welaýatda aktiw.

“Owganystanda adam hukuklarynyň güni ýene bir žurnalistiň ölüm habary bilen başlady. Biz asuda ilata, raýat jemgyýetine we media wekillerine gönükdirilýän bu hüjümleri ýazgarýarys. Olary togtatmaly” diýip, Germaniýanyň Kabuldaky ilçihanasy Twitterde aýtdy.

Soňky aýlarda hökümet bilen Talybanyň arasynda onlarça ýyl bäri dowam edýän yzy üzülmeýän söweşleri togtatmak üçin geçirilýän gepleşiklere garamazdan, ýurt boýunça ýokarlanýan zorlugyň we başly-baratlygyň arasynda meşhur adamlara, şol sanda žurnalistlere, din wekillerine, syýasatçylara we aktiwistlere gönükdirilýän hüjümler artdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG