Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran oppozisiýadaky žurnalist Ruhollah Zamy jezalandyrýar


 Ruhollah Zam
Ruhollah Zam

Eýran onlaýn işi 2017-nji ýylda tutuş ýurt boýunça ykdysady protestlere itergi beren dissident žurnalist Ruhollah Zamy jezalandyrdy.

Ýarym resmi ISNA habar gullugynyň 12-nji dekabrdaky maglumatyna görä, Tähranyň Ynkylap prokuraturasy Zamyň jezasynyň ýerine ýetirilendigini, ýagny onuň asylyp öldürilendigini yglan etdi.

Bu jeza Eýranyň Ýokary kazyýetiň 47 ýaşly žurnaliste garşy çykarylan ölüm jezasyny tassyklandygyny yglan edip, halkara derejesinde ýazgarylmagynyň yz ýanynda berjaý edildi.

Zam iýun aýynda Ynkylap kazyýeti tarapyndan ölüm jezasyna höküm edildi. Metbugat azatlygyna gözegçilik edýän "Serhetsiz reportýorlar" bu hökümi "örän adalatsyz" diýip häsiýetlendirdi.

Ol "Ýerdäki korrupsiýa" sebäpli günäli tapyldy. Eýranyň hökümeti bu aýyplamany köplenç içalyçylyk ýa-da Eýranyň hökümetini agdarmak synanyşyklary bilen baglanyşykly hasaplanan jenaýat işlerinde ulanýar.

Zamyň web sahypasy AmadNews we Telegramda döreden meşhur habarlaşma kanaly 2017-nji ýylda ykdysady kynçylyklar sebäpli başlanan we tutuş ýurda ýaýran protestler barada adamlara habar berdi.

Bu protest tolkunlary Eýran üçin 2009-njy ýylda geçirilen köpçülikleýin tolgunyşyklardan bäri dörän iň uly synag bolup, 2019-njy ýylyň noýabr aýynda boljak şuňa meňzeş başagaýlyga esas taýýarlady.

Bu bidüzgünçiliklerde 20-den gowrak adam öldürildi we müňlerçe adam tussag edildi.

Zam 2019-njy ýylyň oktýabr aýynda düşnüksiz ýagdaýda tussag edilmezden ozal Parižde, bosgunçylykda ýaşaýardy we işleýärdi.

Eýranyň Yslamçy rewolýusiýa goragçylary korpusy aktiwisti "aňtaw aldawyny ulanmak bilen" çylşyrymly operasiýa” esasynda "duzaga s alandygyny aýtdy, operasiýanyň nirede bolandygyny aýtmady.

XS
SM
MD
LG