Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanly hökümet tankytçysy awtoulagynda bolan ýangynyň ýazan makalalaryna baglydygyny aýdýar


Esenghazy Kuandykyň awtoulagy, Almaty, 14-nji dekabr, 2020

Hökümeti onlaýn tankytlamagy bilen tanalýan gazak alymy, pikirini internetde aç-açan beýan edendigi sebäpli näbelli adamlar tarapyndan awtoulagynyň oda berilendigini aýtdy.

Taryh professory Esenghazy Kuandyk 14-nji dekabrda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda ulagyny oda beren adamlaryň gije awtoulagyna hüjüm edip, ulagyň içini düýbünden ýok edendigini aýtdy.

"Ýangyç guýulýan ýeriň gapagy döwük we daşky gapagy açykdy. Kimdir biriniň muny bilkastlaýyn edendigi äşgär" -diýdi Kuandyk ir sagat 2: 00-da täsin seslerden oýanandygyny we penjiresinden daşary seredende, kwartirasynyň öňünde otlanan maşyny görüpdir.

Kuandyk, ýangyn söndürijiler gelmezden ozal goňşularynyň kömegi bilen ýangyny söndürip bilendigini aýtdy.

Kuandykyň pikiriçe, bu hüjüm, onuň 10-njy ýanwarda geçiriljek parlament saýlawlaryna taýýarlyk görýän Gazagystanyň saýlaw kanunlaryny sorag astyna goýýan soňky onlaýn makalalary bilen baglanyşykly.

Almaty etrap polisiýa bölüminiň işgärleri bu ýangyn hüjümi boýunça derňewleriň başlandygyny Azatlyk Radiosyna aýtdylar.

Maý aýynyň başynda Gazagystanyň tanymal adam hukuklary boýunça aklawçysy Aýman Omarowa awtoulagyndaky tormoz näsazlygy zerarly dörän ýangyndan halas bolupdy we muny öz professional işleri sebäpli oňa şikes ýetirmek synanyşygy hökmünde häsiýetlendirdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG