Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ koronawirusa garşy ilkinji waksinalary edip başlamakçy


COVID-19 waksinalaryny daşaýan ulag
COVID-19 waksinalaryny daşaýan ulag

ABŞ-da ilkinji COVID-19 waksinalarynyň 14-nji dekabrda edilip başlanmagyna garaşylýar. Onlarça million adama koronawirusa garşy sanjym etmek üçin ägirt uly logistika çäresi alnyp barylýar.

Ýurtda ölenleriň sany 300 000 töweregine ýetensoň başlanýan bu prosese hepdäniň ahyrynda ABŞ-nyň derman serişdelerini dolandyrýan edarasynyň iki dozadan ybarat "Pfizer-BioNTech" waksinasyny 16 ýaşdan 85 ýaş aralygyndaky adamlarda ulanmak kararyny tassyklandan soň bat berildi.

3 million dozanyň ulanylmagyna garaşylýar. 14-nji dekabrdan 16-njy dekabra çenli ilkinji waksinalaryň edilmeginde hökümetiň işini dowam etdirmek üçin ýokary derejeli federal işgärler bilen bir hatarda saglygy saklaýyş işgärleri hem garrylar öýleriniň ýaşaýjylary ileri tutular.

ABŞ-nyň sanjymlary çalt köpeltmek ugrundaky “Operation Warp Speed” programmasynyň baş ylmy geňeşçisi doktor Monsef Slaoui 13-nji dekabrda eden çykyşynda ABŞ-nyň mart aýynyň ahyryna 100 million adamy immunizasiýa etmegi maksat edinýändigini aýtdy.

ABŞ dekabr aýynyň ahyryna çenli sanjymyň 40 million dozasynyň paýlanmagyna umyt edýändigini aýtdy.

Bu aralykda, Kanadanyň premýer-ministri Jastin Trudo öz ýurdunyň sanjymy 14-nji dekabrda almagyna garaşýandygyny aýdypdy. Britaniýa şu aýyň başynda Pfizer-BioNTech waksinalarynyň sanjymlaryny edip başlady. Bu waksinany Meksika, Saud Arabystany, Bahreýn we Ysraýyl hem makullady.

XS
SM
MD
LG