Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan Içeri işle ministrligi: Bomba hüjüminde we atyşykda üç adam öldi


Owganystanyň howpsuzlyk işgärleri 15-nji dekabrda Kabulda amala aşyrylan bomba partlamasynyň bolan ýerini barlaýarlar.

15-nji dekabrda Kabulda bolan bomba partlamasynda we ok atyşykda azyndan üç adam, şol sanda welaýat häkiminiň orunbasary öldi diýip, resmiler aýdýarlar.

Owganystanyň Içeri işler ministrliginiň metbugat wekili Tarik Arian Kabul welaýat häkiminiň orunbasary Mahbobullah Mohibiniň sowutly ulagyna ýerleşdirilen bombanyň partlamagy netijesinde iki adamyň ölendigini we başga-da iki sanysynyň ýaralanandygyny aýtdy.

“Mohibi sekretary bilen birlikde öldürildi. Şol bir wagtda, wakada onuň iki janpenasy ýaralandy” diýip, Arian belledi.

Bomba partlamasy Kabulyň Makroraýan etrapçasynda boldy.

Beýleki bir hüjümde owgan paýtagtynyň Bagrami etrabynda ýaragly adamlar bir polisiýa işgärini öldürip, başga bir polisiýa işgärini hem ýaraladylar diýip, Kabulyň polisiýa başlygynyň metbugat wekili Ferdaws Faramarz aýtdy.

Bu hüjümleriň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç kim öz üstüne almady.

Soňky aýlarda “Yslam döwleti” topary owgan paýtagtynda bolup geçen köp sanly hüjümiň, şol sanda 50-den gowrak adamyň ölmegine sebäp bolan bilim edaralaryna edilen hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne alypdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG