Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

CPJ: 2020-nji ýylda rekord sandaky žurnalist türmä basyldy


CPJ-niň hasabatyndan alnan surat.
CPJ-niň hasabatyndan alnan surat.

Hökümetler koronawirus pandemiýasy we raýat tolgunyşyklary baradaky habarlary basyp ýatyrmaga synanyşan mahaly, 2020-nji ýylda rekord sandaky žurnalist gözenegiň aňyrsyna iberildi diýip, media gözegçilik edýän gurama aýdýar.

1-nji dekabra çenli azyndan 274 žurnalist türmä basyldy, bu san geçen ýyl 250-ä barabardy diýlip, düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän Žurnalistleri goramak baradaky komitetiň (CPJ) 15-nji dekabrda çap eden hasabatynda bellenilýär.

Bu CPJ žurnalistleriň türmä basylmagy barada 1990-njy ýyllaryň başynda maglumat ýygnap başlaly bäri iň ýokary görkezijidir diýlip, hasabatda aýdylýar.

Hasabatda awtoritar liderleriň žurnalistleri tussag etmek bilen koronawirus pandemiýasy baradaky habarlara gözegçilik etmäge synanyşandygy we tussaglykda döwri COVID-19 ýokuşan azyndan iki habarçynyň ölendigi hem bellenilýär.

“Global pandemiýanyň arasynda köp sanly žurnalistiň tussag edilýändigini görmek geň galdyryjy we hopukdyryjy” diýip, CPJ-iň ýerine ýetiriji direktory Joel Simon aýtdy.

XS
SM
MD
LG